Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogika institutynda talyplaryň arasynda hytaý dili boýunça geçirilen «Hytaý kalligrafiýasynda halk paýhasynyň gözelligi we sazlaşygy» atly onlaýn olimpiadanyň netijeleri jemlendi.

Bilim bäsleşigine ýurdumyzyň 11 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Olimpiada iki ugur — A we B toparlary boýunça geçirildi. A toparynda ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini hünär hökmünde öwrenýän talyplar, B toparynda bolsa dil hünärine degişli bolmadyk ugurlarda bilim alýan ýaşlar bäsleşdiler.

Olimpiadanyň dowamynda gatnaşyjylar hytaý halkynyň medeniýeti, taryhy we milli däp-dessurlary baradaky bilimlerini, dil taýýarlygyny hem-de döredijilik ukyplaryny görkezdiler.

A toparynda 100 balyň 96–98-sini toplan dört talyp birinji orna mynasyp boldy. Olar Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogika institutynyň talyplary Baýgül Serdarowa we Resul Hanjikow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Oguljan Allanurowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Nurana Ýegenmämmedowadyr.

Bu üç ýokary okuw mekdebiniň 12 talyby bäsleşikde bäş sany ikinji we ýedi sany üçünji orny eýeledi.

B toparynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Muhammetemin Atabaýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Mähriban Jumamyradowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Merjen Ýagşynazarowa hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Baýgül Isgenderowa birinji orna mynasyp boldular.

Bu ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary dört sany ikinji hem-de sekiz sany üçünji orny eýelediler.

Olimpiadanyň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolan gatnaşyjylara guramaçy ýokary okuw mekdebi tarapyndan degişli derejeli diplomlar gowşuryldy.

Bu bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmaga, nazary bilimlerini berkitmäge, ýazuw we gepleşik endiklerini ösdürmäge ýardam berdi. Şeýle hem olimpiada bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge goşant goşdy.