Ýer ýüzünde howa we klimat ulgamlarynda bolup geçýän üýtgeşmeler dürli sebitlerde tebigy betbagtçylyklaryň ýygylygynyň we täsiriniň artmagy bilen ýüze çykýar. Alymlaryň «2026-njy ýylda klimatyň ýagdaýy: meseleler we mümkinçilikler» atly hasabatynda bellenilişi ýaly, bu ýagdaý geljek üçin duýduryş bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir.
«BioScience» ylmy žurnalynda çap edilen hasabatda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň üýtgemegi, temperaturanyň ýokarlanmagy, polýar sebitlerde we Grenlandiýada buzlaryň eremegi, deňiz derejesiniň beýgelmegi, tokaý ýangynlary hem-de ýaragly çaknyşyklaryň daşky gurşawa ýetirýän täsiri seljerilýär. Şeýle-de 2025-nji ýylyň sentýabryndan 2026-njy ýylyň tomsuna çenli dünýäniň dürli künjeklerinde ýüze çykan güýçli howa hadysalaryna aýratyn üns berilýär.
Suw joşmalary we tropiki tupanlar
2025-nji ýylyň sentýabrynda Indoneziýanyň Bali adasynda soňky on ýyldan gowrak wagtyň içinde iň güýçli suw joşmalarynyň biri bolup geçdi. Tebigy betbagtçylyk azyndan 17 adamyň ölümine sebäp boldy.
Şol aýda «Ragasa» taýfuny Günorta-Gündogar Aziýada we Hytaýyň günortasynda suw joşmalaryny hem-de ýer süýşgünlerini döretdi. Maglumatlara görä, tebigy betbagtçylykda azyndan 40 adam aradan çykdy, ýetirilen ykdysady zyýan bolsa 2,86 milliard dollardan geçdi.
2025-nji ýylyň oktýabrynda Karib deňziniň sebitinde «Melissa» atly bäşinji derejeli harasat güýçli weýrançylyklara sebäp boldy. Onuň ýeli Atlantik basseýninde rekord derejelere ýetdi. Harasatyň netijesinde, esasan, Ýamaýkada we Gaitide, jemi 95 adam aradan çykdy. Ykdysady ýitgiler 12,2 milliard dollardan geçdi.
Noýabr aýynda Indoneziýanyň Sumatra adasynda tropiki tupanlaryň we musson ýagyşlarynyň täsiri bilen uly suw joşmalary boldy. Netijede, 708 adamyň aradan çykandygy habar berildi. Ýollar, oba hojalyk ýerleri we kärhanalar uly zyýan çekdi.
Ýewropa we Aziýada güýçli ýagyşlar
2025-nji ýylyň oktýabrynda «Eými» tupany Günbatar we Demirgazyk Ýewropa täsir etdi. Tebigy hadysada dört adam aradan çykdy, 832 müňden gowrak elektrik sarp edijisi bolsa elektrik üpjünçiliginden mahrum boldy.
Noýabr aýynda Albaniýada we Gresiýada birnäçe günläp dowam eden güýçli ýagyşlar suw joşmalaryna we ýer süýşgünlerine sebäp boldy. Netijede, awtomobil we demir ýol gatnawlarynda bökdençlikler ýüze çykdy.
Wýetnamyň günorta-merkezi kenarýaka sebitinde hem güýçli ýagyşlar uly ýitgileriň döremegine getirdi. Suw joşmalary sebäpli 90 adam aradan çykdy, takmynan 235 müň ýaşaýyş jaýyny suw basdy. Ykdysady zyýan 341 million dollar möçberinde bahalandyryldy.
2026-njy ýylyň ýanwarynda Ortaýer deňzi sebitinde «Garri» siklony öýlere we kärhanalara uly zyýan ýetirdi. Şeýle-de bu siklonyň gäminiň heläkçilige uçramagyna täsir eden bolmagynyň mümkindigi, şol wakada 380 adama çenli adamyň aradan çykandygy habar berildi.
Fewral aýynda Günbatar Ýewropada «Nils» tupany hem ulag gatnawlarynyň işine päsgel berdi. Bir adam aradan çykdy, 850 müň hojalyk elektrik energiýasyndan mahrum boldy.
Amerikada suw joşmalary we güýçli gar tupany
2026-njy ýylyň ýanwarynda ABŞ-nyň we Kanadanyň käbir sebitlerinde güýçli gar tupany boldy. Birnäçe adam aradan çykdy, köp sanly howa gatnawy ýatyryldy we elektrik üpjünçiliginde giň gerimli bökdençlikler ýüze çykdy.
Fewral aýynda Kolumbiýada bolan suw joşmalary 18 adamyň ölümine sebäp boldy. Tebigy betbagtçylykdan 58 müňden gowrak maşgala zyýan çekdi.
Şol aýda Braziliýanyň günorta-gündogarynda güýçli ýagyşlar suw joşmalaryny we ýer süýşgünlerini döretdi. Netijede, 73 adam aradan çykdy, 5,5 müňden gowrak adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy.
2026-njy ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatynda birnäçe tokaý ýangyny ýüze çykdy. Ýangynlaryň ýaýramagy sebäpli ýerli häkimiýetler ilatyň bir bölegini howpsuz ýerlere göçürmek barada görkezme berdiler.
2025-nji ýylyň oktýabrynda Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda hem güýçli tokaý ýangynlary boldy. Ot-ýalyn Sidneý şäheriniň eteginde ýaşaýan adamlaryň emlägine zyýan ýetirdi we käbir ýaşaýjylary öýlerini terk etmäge mejbur etdi.
Howanyň aşa gyzmagy saglyga howp salýar
2026-njy ýylyň maýynda Hindistanyň uly böleginde güýçli yssy howa höküm sürdi. Bu ýagdaý millionlarça adamyň saglygyna howp saldy. Şol döwürde Günbatar Ýewropada hem yssy howa tolkuny hasaba alyndy. Iň bolmanda ýedi adamyň aradan çykandygy, hassahanalaryň aşa köp näsag kabul edendigi we elektrik ulgamlarynyň kynçylyk çekendigi habar berildi.
Iýun aýynda Ýewropada dowam eden aşa yssy howa bilen bagly artykmaç ölüm hadysalarynyň sanynyň takmynan 14 müňe ýetendigi çaklanylýar. Şol bir wagtyň özünde, Antarktidanyň meteorologiýa stansiýalarynda hem möwsüm üçin adaty derejeden ep-esli ýokary temperaturalar hasaba alyndy.
2026-njy ýylyň iýun–iýul aýlarynda ABŞ-nyň gündogar böleginde we Kanadanyň günortasynda hem güýçli yssy howa höküm sürdi. Ol güýçli tupanlar we elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler bilen utgaşdy. Bu ýagdaýyň takmynan 50 million adama täsir edendigi bellenilýär.
Klimat üýtgemeleri bilen göreşmek möhüm wezipe bolup galýar
Alymlaryň hasabatynda görkezilen wakalar suw joşmalarynyň, harasatlaryň, tokaý ýangynlarynyň we aşa yssy howanyň dünýäniň dürli künjeklerinde uly durmuş we ykdysady ýitgilere sebäp bolup bilýändigini görkezýär.
Klimat üýtgemeleriniň täsirlerini azaltmak üçin parnik gazlarynyň zyňyndylaryny çäklendirmek, ekologiýa taýdan durnukly tehnologiýalary ösdürmek, tokaýlary goramak we tebigy betbagtçylyklara öňünden taýýarlyk görmek möhüm çäreler hasaplanýar. Şeýle-de irki duýduryş ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek tebigy hadysalaryň ýetirýän zyýanyny azaltmaga ýardam edip biler.



















Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.