Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň alymlary daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde «Janubiy Ustyurt» milli tebigy seýilgähiniň çäginde ýurt üçin täze we seýrek duşýan ýarganat görnüşini — türkmen şahly ýarganatyny (Plecotus turkmenicus) tapdylar.

Türkmen şahly ýarganaty Merkezi Aziýada örän seýrek duş gelýän we az öwrenilen görnüşleriň biridir. Şu güne çenli ol barada diňe 1970-nji ýyla çenli toplanylan maglumatlar hem-de muzeý nusgalary arkaly bilinýärdi. Soňky 55 ýylyň dowamynda bu görnüş tebigatda diýen ýaly duşmady. Barlag işleri Halkara tebigaty goramak bileleşigi hem-de Germaniýanyň Halkara yklym başlangyjynyň goldawy bilen amala aşyryldy.