Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 2026-njy ýylyň 12–13-nji oktýabrynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen sebitara dialoga gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» maksatnamasynyň çäginde guralan çäre «Işewürlik we innowasion telekeçilik arkaly sirkulýar ykdysadyýetiň, howanyň üýtgemeginiň we maýa goýumlaryň arasyndaky arabaglanyşygy giňeltmek» mowzugyna bagyşlandy.

Bilermenleriň, alymlaryň we parlament wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dialog umumy mejlisleri hem-de dürli ugurlar boýunça mowzuklaýyn duşuşyklary öz içine aldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurtda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmek we sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça toplanan tejribe barada çykyş etdiler. Şeýle hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak we sirkulýar ykdysadyýete geçmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada maglumat berdiler.

Dialogda daşky gurşawy goramak, sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek we bu ugurlara maýa goýumlaryny çekmek meselelerine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň arasyndaky sebitara dialogyň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini hem nygtadylar.

Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylar Täjigistanyň parlamentinde kanun çykaryjylyk işi boýunça toplanan tejribe bilen tanyşdylar. Şeýle hem «Akia Avesto» önümçilik toplumynda bolup, sirkulýar ykdysadyýetiň ýörelgeleriniň önümçilikde ulanylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.