
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ählumumy we sebit derejesindäki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň başynda Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda ýakynda, has takygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly täze kararnama aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy bu taryhy resminamanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň dünýäde özara ynamy berkitmegiň hem-de gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň iň täsirli guraly hökmünde halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu kararnamanyň häzirki çylşyrymly dünýä ýagdaýlaryny nazara alanyňda örän wagtynda kabul edilendigini nygtady we parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary hem-de bu ugurdaky global liderligi üçin Türkmenistana çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Gepleşikleriň iň üns çeken böleklerinden biri hem Türkmenistanyň halkara derejeli Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy. Taraplar BMG-niň howandarlygynda şeýle ýokary okuw mekdebiniň açylmagynyň ýaş nesilleriň arasynda bitaraplyk gymmatlyklarynyň ýaýylmagyna, özara hormat goýmaga we ählumumy dialogyň pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berjekdigini biragyzdan tassykladylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek baradaky döredijilikli teklipleri ýene bir gezek beýan edildi. Esasanam, resmi Aşgabadyň öňe sürýän şu başlangyçlaryna ýokary baha berildi:
Mundan başga-da, söhbetdeşler BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň alyp barýan netijeli işlerine ýokary baha berdiler we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek urundaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bütin adamzat bähbitlerine gulluk edýän strategik hyzmatdaşlygy täze belentliklere götermäge doly taýýardyklaryny ýene bir gezek berk tassykladylar.
Keywords