Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri Anutin Çarnwirakula özi üçin amatly bolan wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky resmi çakylygy gowşurdy. Bu barada diplomatik wekilhananyň metbugat gullugy habar berýär.
Çakylygy gowşurmak dabarasy Bangkok şäherindäki Hökümet binasynda Tailandyň Patyşasy Maha Waçiralongkornyň doglan güni mynasybetli guralan dabaraly kabul edişligiň dowamynda boldy. Şol çärä türkmen diplomaty hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda ilçi Tailandyň Hökümet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Millî Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Tailandyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary we dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Tailandyň Premýer-ministri iberilen gutlaglar we çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardygyny tassyklady.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.