Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä Tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Şaýhraziýew sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen Türkmenistana dört günlük iş sapary bilen gelýär. tatar-congress.org saýtynyň habar bermegine görä, Tatarystanyň wekiliýeti Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirer.
Paýtagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa we medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew bilen iş duşuşyklary meýilleşdirilýär. Gepleşiklerde bilim, syýahatçylyk we taryhy-medeni mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görerler. 30-njy iýulda wekiliýet Türkmenbaşy şäherine baryp, şäheriň häkimi Nyýazjan Nyýazjanow bilen gepleşikleri geçirer hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşar. Saparyň jemleri 31-nji iýulda jemlener.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.