«Tehnika Dünýäsi» hojalyk jemgyýeti 2026-njy ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, Türkmenistanyň ýaşlary üçin durmuş tehnikalaryny we elektron enjamlaryny abatlamaga bagyşlanan interaktiw ussatlyk sapaklaryny gurap başlar.
Taslama ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we tehniki ugurlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýär.
Okuw-usuly maslahatlar hojalyk jemgyýetiniň ygtyýarly hyzmat merkezinde tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda geçiriler. Olar iki görnüşde guralar: maglumat-tehniki häsiýetli ussatlyk sapaklary hem-de hakyky abatlaýyş ýagdaýlaryny jikme-jik seljermek arkaly geçirilýän amaly okuwlar.
Gatnaşyjylar üç ugurdan birini saýlap bilerler:
Uly durmuş tehnikalary: kir ýuwujy we gap-gaç ýuwujy maşynlar, sowadyjylar, kondisionerler, mikrotolkunly peçler;
Kiçi durmuş tehnikalary: tozan sorujylar, ütükler, elektrik çaýnegi, kofe maşynlary, blenderler, ýyladyjy enjamlar we beýleki elektrik gurallary;
Durmuş elektronikasy: telewizorlar, smartfonlar we monitorlar.
Taslamanyň esasy maksady ýaşlarda tehniki başarnyklary kemala getirmek, inženerçilik pikirlenişini ösdürmek, şeýle hem enjamlardaky näsazlyklary anyklamagyň we olary aradan aýyrmagyň amaly usullaryny öwretmekden ybaratdyr.
Gurnaýjylaryň bellemegine görä, bu duşuşyklar ýaşlara häzirki zaman tehnologiýalary bilen has ýakyndan tanyşmaga we geljekde isleg bildirilýän hünärleriň birini saýlamaga mümkinçilik berer.
Ussatlyk sapaklaryna gatnaşmak üçin ýerleriň sany çäklidir. Hasaba ýazylmak isleýänler Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 183-nji salgysynda ýerleşýän «Elektronika dünýäsi» binasyna ýüz tutup bilerler.
Goşmaça maglumat almak we ýazylmak üçin 14-22-50, 14-22-54, 14-22-55 telefon belgileri ýa-da service.center@tehnikadunyasi.com elektron poçtasy arkaly habarlaşmak mümkindir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.