
Täjigistanda geçirilýän Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň «CAFA-2026» çempionatynda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy (U-20) öz ýoluna ajaýyp ýeňiş bilen başlady. Didar Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar turniriň ilkinji duşuşygynda Owganystanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Oýnuň dowamynda görkezen täsirli oýny bilen Ýakupmuhammet Gowşudow aýratyn tapawutlandy. Ol duşuşygyň netijesi boýunça ýaryşyň «Iň gowy oýunçysy» (MVP) diýen ada mynasyp boldy we toparyň ýeňşine uly goşant goşdy.
«Ýeňişli gadam» uran ýaşlarymyza şu gün, 13-nji maýda has çynlakaý synag garaşýar. Türkmen futbolçylary ýaryşyň ýer eýeleri bolan Täjigistanyň ýygyndysy bilen meýdança çykarlar.
Ýatladyp geçsek, «CAFA-2026» çempionaty aýlawly ulgam boýunça geçirilýär. Ýaryşda şeýle hem aşakdaky ýygyndylar çempionlyk ugrunda bäsleşýärler:
Turniriň ýeňijisi ähli oýunlaryň netijesi boýunça iň köp utuk toplan topar bolar. Ýaşlar ýygyndymyza öňde duran jogapkärli oýunlarda üstünlik arzuw edýäris!
Keywords