Türkmenistanyň «Toyota Beýik Ýüpek Ýoly» resmi diler merkeziniň hünärmeni Muhammetgeldi Nurgeldiýew Daşkent şäherinde geçirilen «Regional Sales Advisor Skills Contest» atly sebit bäsleşiginde ýeňiji boldy.

«Toyota Central Asia» tarapyndan «Toyota Motor Corporation» kompaniýasynyň goldawy bilen guralan bu hünär bäsleşigine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň resmi «Toyota» diler merkezleriniň işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Muhammetgeldi Nurgeldiýew birinji orna mynasyp bolup, öz hünär taýýarlygynyň we başarnyklarynyň ýokary derejesini görkezdi.

Bu üstünlik diňe bir hünärmeniň şahsy gazanan üstünligi bolman, eýsem «Toyota Beýik Ýüpek Ýoly» diler merkezi üçin hem möhüm waka boldy. Ol merkeziň işgärleriniň hünär derejesiniň hem-de müşderilere edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarydygyny görkezýär.

Muhammetgeldi Nurgeldiýewiň gazanan üstünligi onuň öz işine yhlasly çemeleşmeginiň, hünär ussatlygynyň we yzygiderli kämilleşmäge bolan ymtylyşynyň netijesidir.

«Toyota Beýik Ýüpek Ýoly» diler merkeziniň habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • Salgysy: AYYT 46, 2127 (G. Kuliýew köçesi)

  • Telefon: +993 (12) 75 44 44