Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek serhedindäki «Farap awtoýollary» we «Alat» gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak hem-de bu ugur boýunça üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak meselelerine garaldy.

Taraplaryň bellemegine görä, bu serhet geçelgesi diňe bir Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda ýükleriniň daşalmagynda däl, eýsem «Gündogar — Günbatar» we beýleki halkara ulag geçelgeleriniň üsti bilen üstaşyr ýükleri geçirmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen tarapyndaky «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durkunyň düýpli täzelenmegi netijesinde onuň ulag geçirijilik kuwwaty iki esse ýokarlandyryldy. Häzirki wagtda bu nokat bir günde 1000-e çenli awtoulagy geçirmäge ukyplydyr.

Duşuşygyň ahyrynda wekiller «Farap awtoýollary — Alat» serhet geçelgesindäki gümrük nokatlarynyň işini ýerinde öwrenmek maksady bilen, bilelikdäki iş duşuşyklaryny geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.