
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany yzygiderli artyp, ol häzirki wagtda 30 müňe golaýlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly birleşmäniň agzalary maldarçylyk, guşçulyk, azyk we senagat önümleriniň önümçiligi, gurluşyk ýaly ugurlarda ýokary netijeleri gazanýarlar.
Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken 2026-njy ýylda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurduň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Eziz dag” hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2025- nji ýylyň dekabrynda Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän, meýdany 12 gektara barabar bolan ýer böleginde kuwwatlylygy ýylda 3 müň tonna gök önümi ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhana gurlup ulanmaga berildi we täze iş orunlarynyň 150-si döredildi.
Keywords