Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisine taýýarlyk we onuň geçirilişi halkara habarlar giňişliginde giňden şöhlelendiriler.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Turkic World» halkara habarlar internet-portaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işlerini hem-de çäräniň geçirilişini yzygiderli maglumat taýdan beýan eder. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýty habar berdi.
Portalda Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan ýörite mowzuklaýyn bölüm döredildi. Onda mejlise taýýarlyk döwründe geçirilýän çäreler, resmi habarlar we beýleki degişli maglumatlar yzygiderli çap ediler.
Mejlisiň geçirilýän günlerinde ýörite bölümde çäräniň barşy, esasy çykyşlar, kabul edilýän çözgütler we öňe sürülýän başlangyçlar barada täzelikler operatiw ýagdaýda ýerleşdiriler.
Bu ýörite bölümiň döredilmegi Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy bilen «Turkic World» halkara habarlar internet-portalyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesi bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işlerini we onuň geçirilişini halkara jemgyýetçiligine giňişleýin ýetirmegi maksat edinýär.
Şeýle hem bu maglumatlar Türkmenistanyň döwlet syýasaty, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy we halkara başlangyçlary barada daşary ýurtly okyjylaryň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Halk Maslahatynyň mejlisine degişli täzelikler we maglumatlar «Turkic World» portalynyň ýörite mowzuklaýyn bölüminde elýeterli bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.