«Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET-2026) altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler.

Halkara forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Oňa döwlet edaralarynyň, milli we halkara kompaniýalaryň, maýadarlaryň, önüm öndürijileriň hem-de tehnologiýa üpjün edijileriň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, çärä gatnaşmak üçin eýýäm 60 ýurtdan 800-den gowrak wekiliň hasaba alnandygy bellenilýär.

Maslahatyň we serginiň esasy ugurlary gurluşyk we binagärlik, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, infrastruktura, ulag, maýa goýumlar we sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar.

«Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýeti senagat we raýat maksatly desgalary taslamak, gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetirýär. Kompaniýa taslamalaryň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamakdan we inženerçilik ulgamlaryny taslamakdan başlap, enjamlary satyn almak, gurluşyk-gurnama işleri we desgalary ulanmaga tabşyrmak ýaly tapgyrlarda hyzmat edýär. Kärhananyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri hem önümçilik kärhanalaryny durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak bolup durýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, onuň amala aşyran taslamalarynyň sany 25-den geçýär.

Şol taslamalaryň hatarynda Aşgabatda we welaýatlarda iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň 12-sini döwrebaplaşdyrmak işleri bar. Bu işleriň dowamynda önümçilik bölümleri we tehnologik enjamlar täzelendi, demir-beton panelleri öndürmek üçin täze galyplar ulanyşa girizildi, şeýle hem kranlar we beýleki göteriji mehanizmler döwrebaplaşdyryldy.

Kompaniýa Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny hem amala aşyrdy. Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen desganyň gurluşygyna 2020-nji ýylyň awgustynda başlanyp, 2024-nji ýylyň martynda ulanmaga berildi.

Mundan başga-da, «Türkmen Enjam» 2023-nji ýylyň oktýabryndan 2026-njy ýylyň martyna çenli «Tejenkarbamid» zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýylda 350 müň tonna ýetirmek boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Bu maksat bilen önümçilik desgalarynda düýpli abatlaýyş we enjamlaryň bir bölegini döwrebaplaşdyrmak işleri geçirildi.

Gurluşyk hyzmatlary bilen bir hatarda, hojalyk jemgyýeti öz önümçiligini hem ösdürýär. Kärhana suw üpjünçiligi we lagym ulgamlary üçin polietilen hem-de polipropilen turbalary öndürýär. Şeýle hem suw we gaz geçirijileri üçin turbalar, elektrik gurnama işleri üçin çeýe gasynly turbalar hem-de basyşsyz turbageçirijiler üçin iki gatly profilli diwarly turbalar öndürilýär.

CIET-2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň maksatnamasy, şeýle hem gatnaşyjylar üçin hasaba alyş maglumatlary çäräniň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi: ciet-turkmenistan.com/ru.