2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Anna Bordonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň bu halkara maliýe instituty bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda ykdysady ösüş meseleleri boýunça hünär dialogyny giňeltmek, halkara tejribesini alyşmak hem-de özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Taraplar makroykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, ykdysady mehanizmleri kämilleşdirmek we häzirki zaman ykdysady meselelerini çözmekde döwrebap çemeleşmeleri öwrenmek üçin halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem ykdysady syýasatyň dürli ugurlary boýunça özara düşünişmegi çuňlaşdyrmakda bilermenler derejesindäki geňeşmeleriň we hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmagy we tejribe paýlaşmagy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.