Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Baştutany mähirli garşylanyldy we Türküstan şäheriniň taryhy barada gürrüň berildi. Bu ýerde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi hem ýerleşýär. Türküstanyň medeni mirasy köpdürli we köptaraplydyr. Bu şäher öz däp-dessurlary, senetçilik sungaty bilen meşhurdyr. Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz we Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart Tokaýew, ilki bilen, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine bardylar. Aramgähiň içinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň müftüleri Gurhandan aýat okadylar hem-de dogadileg etdiler. Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany «Etnoaul» milli medeni toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wi ga­zak mil­li döredijilik topary mähirli garşylady. Toplumyň wekili gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary, haly önümleri we beýlekiler bilen tanyşdyrdy. «Etnoaul» milli medeni toplumy «Kazanat» aýlawynyň çäginde 2 müň 500 inedördül metr meýdany tutýar. Toplumyň ähli ekspozisiýasy 30 sany ak öýde ýerleşdirilip, bu ýere gelýänleri gazak halkynyň baý taryhy, medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar. Aýlawda adaty atly sport çäreleri bilen birlikde, gadymy çarwadarlaryň milli sport görnüşleri boýunça ýaryşlar hem geçirilýär. «Etnoaulda» saz we teatr sungaty festiwallary, suratkeşleriň, amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň ussatlyk sapaklary, senetçilik we çeperçilik sergileri, köp sanly beýleki medeni çäreler geçirilýär. Şeýle-de bu ýerde milli aşhananyň tagamlary taýýarlanylýar, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsertler, şüweleňler geçirilýär. «Etnoaul» milli medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew «Tur­kis­tan Visit Cent­re» syýahatçylyk-maglumat merkezine ugradylar. Ýol ugrunda Milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany ýadygärlik surata düşdüler. Syýahatçylyk-maglumat merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew Tür­küs­tan şä­he­ri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna baryp gördüler. «Karavansaray Turkistan» Gündogar ertekisi äheňinde gurlan syýahatçylyk toplumydyr. Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de Gazagystanyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew hem­me­ler bi­len hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.