
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň maşgalasynyň çakylygy boýunça London şäherine resmi sapar bilen ugrady.
«Watan» habarlar gepleşiginiň berýän maglumatyna görä, belent mertebeli myhmana hormat bildirip, ony Maslahat köşgünden Halk Maslahatynyň we Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylary ugratdylar. Şondan birnäçe wagt soň, Türkmenistanyň Milli Lideriniň uçary Beýik Britaniýanyň paýtagtyna wekilçilikli wekiliýet bilen bardy.
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar uzak ýyllaryň dowamynda synmasyz dostluga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga daýanýar. Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň berk binýady mundan onlarça ýyl ozal, ýagny 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Beýik Britaniýa Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasat ugruny hemişe ýokary bahalandyrýar. Birleşen Patyşalyk BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabrynda geçirilen 50-nji mejlisinde türkmen döwletiniň «Hemişelik Bitaraplyk» hakyndaky taryhy Kararnamasyny ilkinjileriň hatarynda goldan ýurtlaryň biridir.
Bu gezekki ýokary derejeli sapar iki taraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder.
Keywords