2026-njy ýylyň 29–30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan Respublikasynda iş saparynda boldy. Wekiliýete «Arkadagyň ruhy metjidi» metjidiniň baş ymamy, Arkadag şäherindäki metjidiň ýanynda hereket edýän ýokary ruhy okuw mekdebiniň rektory Ýalkap Hojagulyýew ýolbaşçylyk etdi.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Bolgar şäherine baryp gördi. Bu ýerde Bolgar Yslam akademiýasynyň we Ak metjidiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Gepleşiklerde dini bilim alýan talyplary okatmakda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek, okuw işini guramak, esasy dersleri saýlamak we dini ylymlary okatmagyň usullary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklarda yslam bilimi ulgamynda tejribe alyşmagyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem bilelikdäki okuw maksatnamalaryny taýýarlamak, gadymy yslam golýazmalaryny we ylmy eserleri öwrenmek, dikeltmek hem-de terjime etmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy.

Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Kazan şäherindäki «Muhammediýa» medresesine hem baryp gördi. Bu ýerde Ýalkap Hojagulyýew Tatarystan Respublikasynyň Musulmanlarynyň ruhy müftüliginiň başlygy Kamil hazrat Samigullin bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda yslam bilimi ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda kemala gelen gatnaşyklary ösdürmek, geljekki akademiki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek barada pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, täze döredilen ruhy okuw mekdebiniň mugallymlary we halypalary üçin Tatarystanda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny hem-de tejribelik saparlaryny guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendikleri üçin Tatarystanyň Musulmanlarynyň ruhy müftüliginiň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, sebitiň musulmanlaryň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak boýunça toplan tejribesine ýokary baha berdi.

Saparyň netijeleri iki ýurduň arasynda yslam bilimi, ylmy-barlag işleri we medeni mirasy goramak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.