Türkmenistanly mekdep okuwçylaryna Russiýa Federasiýasynyň «Sirius» federal çäginde geçiriljek OWAO 2026 Açyk halkara astronomiýa olimpiadasyna gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan bu halkara ylmy bäsleşigine 18 ýaşdan uly bolmadyk iki-den alty okuwça çenli düzülen bir milli topar bilen gatnaşyp biler. Topara bir ýolbaşçy we iki synçy hem ýoldaşlyk edip biler. Olimpiadanyň guramaçylary tarapyndan gatnaşyjylaryň ýaşaýyş we iýmit bilen bagly çykdajylary doly üpjün ediler.

Olimpiadanyň dowamynda ýaş astronomlar nazary bilimlerini, amaly başarnyklaryny we gözegçilik ukyplaryny barlaýan dört tapgyrda — nazary, amaly, gözegçilik we test bäsleşiklerinde özara güýç synanyşarlar.

OWAO 2026-nyň resmi iş dili iňlis dili bolar. Şeýle-de gatnaşyjylar bäsleşik meselelerini ýerine ýetirenlerinde topar ýolbaşçylary tarapyndan öňünden ene dillerine terjime edilen ýörite astronomiýa adalgalarynyň sözlüginden peýdalanyp bilerler.

Halkara olimpiadanyň maksatnamasyna diňe bir bäsleşik tapgyrlary däl, eýsem ussatlyk sapaklary, taryhy ýerlere gezelençler we kosmos ylymlary boýunça dürli bilim çäreleri hem girýär. Bu çäreleriň ýaşlaryň astronomiýa we kosmos ylymlaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmagyna hem-de halkara derejesinde tejribe toplamagyna mümkinçilik bermegine garaşylýar.

OWAO 2026-a gatnaşmak isleýän okuwçylar üçin arza tabşyrmak we hasaba alyş işleri 2026-njy ýylyň 4-nji oktýabryna çenli dowam eder. Olimpiadanyň düzgünleri we gatnaşmak şertleri boýunça goşmaça maglumat almak üçin guramaçylyk komitetine ýörite elektron poçta arkaly ýüz tutup bolýar.