Ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy we medeni dialogy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 12–22-nji iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen 20-nji Şanhaý halkara interaktiw ýaşlar dostluk lagerine işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, bu halkara çäresi dünýäniň 17 döwletinden gelen 107 mekdep okuwçysyny bir ýere jemledi. Maksatnamanyň çäklerinde guralan «Mini-Expo» sergisinde türkmen ýaşlary milli diwarlygy döredip, halkymyzyň baý taryhyny, ruhy we medeni gymmatlyklaryny uly abraý bilen görkezdiler. Halkara dostluk lageri ýaş nesle bilim, medeniýet we döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmaga, halklaryň arasyndaky özara hormat-sarpany pugtalandyrmaga hem-de täze dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilik döretdi.