
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda, dünýäniň iň güýçli türgenleriniň gatnaşmagynda ASLANOV WRESTLING OPEN TOURNAMENT atly halkara erkin göreş turniri geçirilýär.
Türkmenistanyn wekilleri ýokary netijeler görkezdiler. Ýaş türgenler Şamuhammet Rejepow we Annadurdy Annadurdyýew öz agram kategoriýalarynda ýeňiji bolup, altyn medallary gazandylar we türkmen göreş mekdebiniň ýokary derejesini tassykladylar.
Şu çylşyrymly we abraýly halkara startda gazanylan ýeňiş türgenler we milli ýygyndy üçin möhüm üstünlik bolup durýar. Netije, maksatly taýýarlygyň we türkmen göreşçileriniň halkara arenasynda artýan potensialynyň subutnamasydyr.
Keywords