Türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Matýakubow Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 110 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen türgeni iki görnüşiň jemi boýunça 417 kilogram agramy (silterläp götermekde — 187 kilogram, itekläp götermekde — 230 kilogram) galdyryp, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Bu agram derejesinde Özbegistanyň wekili Akbar Joraýew 432 kilogram (198+234 kg) netije bilen altyn medalyň eýesi boldy. Ol silterläp götermekde hem-de iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordlaryny täzeledi. Kümüş medal bolsa 418 kilogram (185+233 kg) netije görkezen eýranly Alireza Nasirä berildi.

Şeýle-de, dünýä çempionatynda türkmen türgenleri Şabnam Kerimbaýewa we Didarbek Jumabaýew ýetginjekleriň arasynda birnäçe dünýä rekordlaryny goýup, ünsi özüne çekdiler.

16 ýaşly Şabnam Kerimbaýewa 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde 89 kilogram, itekläp götermekde 112 kilogram agramy galdyrdy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 201 kilogram netije görkezip, 13–17 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda dünýä rekordlaryny täzeledi. Şeýle hem itekläp götermekdäki netijesi bilen ýetginjekleriň dünýä rekordyny gaýtalady. Ýaryşyň jemleri boýunça türkmen türgeni bäşinji orny eýeledi.

18 ýaşly Didarbek Jumabaýew bolsa 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde 152 kilogram, itekläp götermekde 188 kilogram agramy galdyrdy. Iki görnüşiň jemi boýunça 340 kilogram netije görkezen türgen ýetginjekleriň arasynda täze dünýä rekordlaryny goýdy. Ol ýaryşyň umumy netijeleri boýunça ýedinji orna mynasyp boldy.

Ninbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 8-nji noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan halkara ýaryşyna jemi 10 türgen bilen gatnaşýar.