Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan milli ýygyndylaryň sanyny 64-e çenli artdyrmak baradaky meýilnamany goldamakdan ýüz öwürdi. Bu barada «The Times» neşirine salgylanyp, «Match TV» habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Infantino FIFA-nyň ýolbaşçy düzümine gaýtadan saýlanan ýagdaýynda dünýä çempionatyna we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşýan toparlaryň sanyny artdyrmak meselesini öňe sürmejekdigini mälim edipdir.

Çeşmeleriň pikirine görä, FIFA-nyň ýolbaşçysy bu karary bilen dünýä çempionatynyň telewizion ýaýlym hukuklaryny satmak baradaky meýilnamalaryň töwereginde ýüze çykan jedellerden soň özüne bildirilýän basyşy azaltmagy we guramanyň ýolbaşçylygyndaky ikirjiňlenýän wekilleriň goldawyny gazanmagy maksat edinýär.

Mundan ozal dünýä çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň sanyny 64-e ýetirmek baradaky teklip Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) nägileligine sebäp bolupdy. UEFA hatda FIFA-nyň ýaryşlaryna gatnaşmazlyk ähtimallygyny hem öňe sürüpdi.

Mundan başga-da, FIFA hususy maýadarlary çekmek arkaly guramanyň täjirçilik işlerini we futbol ýaryşlaryny geçirmek işlerini bir ýere jemlejek FIFA Forward Enterprise atly kompaniýany döretmegi meýilleşdiripdi.

FIFA-nyň prezidentiniň indiki saýlawlary 2027-nji ýylyň mart aýynda Marokkoda geçiriljek guramanyň kongresinde bolar. Janni Infantino 2016-njy ýyldan bäri FIFA-a ýolbaşçylyk edýär. Ol 2026-njy ýylyň iýul aýynda dünýä çempionatyna 64 milli ýygyndynyň gatnaşmagynyň mümkindigini aýdypdy.

Belläp geçsek, 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda geçirildi. Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda bolsa häzirki wagtda 32 topar çykyş edýär.