
24-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy.
Iş saparyň çäginde, şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara deňiz guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda deňiz ulaglary we halkara gämi gatnawy ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda ministr ulag ulgamynda halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini belledi. Bu ugurda Türkmenistan birnäçe halkara ýöriteleşdirilen düzümler, şol sanda Halkara deňiz guramasy bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurtda deňiz ulaglary babatda halkara konwensiýalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek, gämi gatnawyna döwrebap, howpsuzlyk standartlaryny ornaşdyrmak we halkara borçnamalaryny nazara alyp, kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň mejlislerinde ulag meselelerine diňe bir milli we sebit däl, eýsem, ählumumy derejede hem toplumlaýyn garalmagyna yzygiderli çagyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze formatyny kemala getirmäge gönükdirilen birnäçe Kararnamalary kabul etdi.
Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň geçirilmegi görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Halkara deňiz guramasy bilen ýola goýlan işjeň dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de durnukly we howpsuz deňiz gatnawy ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Mundan başga-da, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda «Gurluşlaýyn dialogyň» açylyşy boldy. Duşuşykda ministr Raşid Meredow we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Parlament wezipeli orunbasary Hemiş Falkoner çykyş etdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri öz çykyşynda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösýändigini belläp, «Gurluşlaýyn dialogyň» üçünji tapgyrynyň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady.
Syýasy dialogyň we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüşi bellenildi. Şunda bar bolan ykdysady mümkinçilikleri, şol sanda Türkmen-britan söwda we senagat geňeşiniň çäklerinde has doly peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.
Bilim we medeniýet ulgamynda Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmäge bolan uly gyzyklanma üns çekildi we Britaniýanyň degişli düzümleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Saparyň dowamynda şu ugurlar boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Sebit gün tertibi barada aýdylanda, ministr Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmagyň möhümdigini belläp, Türkmenistan tarapyndan owgan halkyna durmuş-ykdysady taýdan goldaw bermäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýarlyk tassyklanyldy.
Şeýle hem möhüm halkara meselelerine üns çekildi. Türkmen tarapy BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine, ýurduň bitaraplyk derejesine we halkara jedellerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegiň zerurdygyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Çäräniň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Soňra gepleşikler degişli bölümleriň ýolbaşçylarynyň derejesinde dowam etdirildi.
Keywords