Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Demirbetonönümleri» kärhanasy birnäçe hünär boýunça boş iş orunlaryna işgärleri işe çagyrýar. Bu barada Lebap.biz saýty habar berýär.
Gurluşyk pudagy üçin zerur bolan demirbeton önümlerini öndürýän kärhana önümçilik işlerini giňeltmek we hünärmenleriň hataryny artdyrmak maksady bilen, aşakdaky hünärler boýunça işe kabul edýär:
Kebşirleýjiler — metal önümlerini we konstruksiýalary kebşirlemek, şeýle hem abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin;
Beton garyjy enjamlaryň operatorlary — beton garyndylaryny taýýarlamak we enjamlaryň işine gözegçilik etmek üçin;
Galypçylar — demirbeton önümlerini taýýarlamakda ulanylýan galyplary ýygnamak we sökmek üçin;
Ýük daňyjylar — ýük göteriji enjamlaryň kömegi bilen geçirilýän işlerde ýükleriň howpsuz berkidilmegini üpjün etmek üçin;
Köpri kranlarynyň sürüjileri — önümçilik meýdançasynda ýükleri kran arkaly götermek we geçirmek üçin;
Ýük awtoulaglarynyň sürüjileri — kärhananyň önümçilik we daşama işlerinde ulag serişdelerini dolandyrmak üçin;
Awtokran sürüjileri — ýöriteleşdirilen ýük göteriji tehnikalary dolandyrmak üçin.
Bu boş iş orunlary degişli tehniki hünäri we iş tejribesi bolan, şeýle hem önümçilik ulgamynda zähmet çekmäge höwes bildirýän raýatlar üçin niýetlenendir.
Kärhanada işe ýerleşmek isleýänler aşakdaky telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler:
- Telefon we IMO: +993 72 253072









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.