Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Lebap.biz saýty habar berýär.
Dabara welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar, il sylagly ýaşulular hem-de halk köpçüliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň ýörite münberinden eden çykyşy dabara gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly görkezildi. Döwlet Baştutanynyň rugsady bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna badalga berildi.
Täze toplumda talyplaryň döwrebap bilim almagy we ylmy-barlag işlerini alyp barmagy üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bu ýerde «Etnografiýa we arheologiýa muzeýi», ýöriteleşdirilen okuw otaglary, himiýa we biologiýa tejribehanalary, elektron kitaphana, umumy ýaşaýyş jaýlary hem-de sport binasy ýerleşýär.
Açylyş dabarasynyň dowamynda instituta Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan birnäçe ulag serişdeleri gowşuryldy. Şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň halkara hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky gazananlaryny tassyklaýan şahadatnamalar we baýraklar gowşuryldy.
Mundan başga-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI bilen Russiýanyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi.
Täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi ýokary okuw mekdebiniň bilim, ylym we halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge hyzmat eder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.