«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Gol çekişmek dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň Owganystana iş saparynyň dowamynda amala aşyryldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu resminama iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypany açýar.
Ähtnamada taraplar aşakdaky ugurlar boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar:
Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek
Senagat kärhanalaryny türkmen gazy bilen üpjün etmek
Elektrik stansiýalaryna gaz akymyny gönükdirmek
Ilaty tebigy gaz bilen üpjün etmek







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.