Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ýük daşamalarda elektron-TIR ulgamy işe girizildi
🚛 Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda elektron-TIR (eTIR) ulgamy üstünlikli işe girizildi. Täze sanly çözgüt halkara ýük daşamalaryny çaltlandyrar, kagyz resminamalary azaldar we gümrük amallaryny has netijeli eder.
· 1 min okamak · 7 görnüş

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda halkara ýük daşamalarynda täze sanly ulgam üstünlikli synagdan geçirildi. Hazar deňziniň üsti bilen amala aşyrylýan üstaşyr awtoulag serişdeleri barada elektron-TIR (eTIR) ulgamy arkaly maglumat alyş-çalyş etmek ýola goýuldy.
Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) goldaw bermeginde ilkinji synag daşamalary üstünlikli amala aşyryldy. Bu çägiň çäklerinde Azerbaýjandan ugradlyp, Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana barýan, şeýle hem Türkmenistandan ugradylyp, Azerbaýjan arkaly Türkiýe Respublikasyna barýan awtoulagly ýük daşamalar boýunça maglumat alyşlygy barlanyldy.
Bu başlangyç Ýewropa bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän möhüm ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän iki ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň arasynda üstaşyr daşamalar boýunça sanly maglumat alyş-çalyş guralan ilkinji iri taslamalaryň biri bolup durýar.
Gümrük maglumatlarynyň hakyky wagt tertibinde elektron görnüşde dolandyrylmagy.
Kagyz resminamalaryň möçberiniň we töwekgelçilikleriň ep-esli azalmagy.
Gümrük amallarynyň has çalt ýerine ýetirilmegi we çykdajylaryň gysylmagy.
Söwda we gümrük amallarynyň ýönekeýleşmegi.
Munuň özi ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini has-da ýokarlandyryp, «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
#Türkmenistan#Türkiýe#Özbegistan#Azerbaýjan#Merkezi Aziýa#elektron TIR#eTIR#Döwlet gümrük gullugy#Döwlet gümrük komiteti#IRU#halkara ýük daşamalary#gümrük sanlylaşdyrmak#Hazar deňzi#üstaşyr ulag#sanly logistika#Akylly gümrük








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.