Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň departament başlyklarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmek hem-de BMG-niň çäklerinde özara bähbitli başlangyçlary goldamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Energiýa serişdeleriniň durnukly üstaşyr geçirilmegi baradaky BMG-niň kararnamasyna awtordaş bolup çykyş edendigi üçin Täze Zelandiýa minnetdarlyk bildirdi. Geňeşmeleriň dowamynda BMG-niň Durnukly ulag onýyllygynyň (2026–2035) çäklerindäki taslamalar, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi we çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň ekologik başlangyçlary, şeýle hem ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri jikme-jik seljerildi.