
Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekip, ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky ilçisini belledi.
«Watan» habarlar gepleşiginde berlen maglumatlara görä, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şalar Geldynazarow şol bir wagtda Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Maldiwler Respublikasy Hindi ummanynda ýerleşýän arhipelag döwlet bolup, Hindistanyň hem-de Şri-Lankanyň günorta-günbatarynda ýerleşýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň netijesinde dürli ýurtlar bilen syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär.
2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň hem-de Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri öz ynanç hatlaryny gowşurdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, öz wezipelerine resmi taýdan girişdiler.
Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky ilçisiniň bellenilmegi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze mümkinçilikleri açmagyna garaşylýar.
Keywords