
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Waşington şäherinde guralan bu gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony täze sepgitlere götermegiň ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda esasy üns ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, bilim hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge gönükdirildi.
Diplomatlar geçen ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda guralan «C5+1» sammitiniň, şeýle hem Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň taryhy ähmiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Bu duşuşyklaryň we gazanylan ylalaşyklaryň Aşgabat bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berendigi aýratyn nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we amerikan işewürler dünýäsi bilen gatnaşyklary giňeltmek meselelerine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-na amala aşyran saparynyň çäklerinde iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçiren mazmunly duşuşyklaryň wezipeleri durmuşa geçirmekdäki uly orny bellenildi.
Taraplar geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ädimleriniň çäginde, ABŞ-nyň işewürler wekiliýetiniň Türkmenistana saparyna hem-de Aşgabatda geçiriljek her ýylky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmelere taýýarlyk görmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin yzygiderli we işjeň dialogy dowam etdirmäge doly taýýardyklaryny ýene bir gezek berk tassykladylar.
Keywords