
Bangkokda geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbananyň arasynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti sebit hyzmatdaşlygynyň iň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berildi. Hususan-da:
Taraplar ulag-logistika ulgamynda utgaşdyrylan hereketleriň ähmiýetini nygtadylar. Hyzmatdaşlygyň esasy platformasy hökmünde şular bellenildi:
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini ESCAP-yň ýöriteleşdirilen instituty hökmünde döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn ähmiýet berildi.
Hanym Armida Salsiýa Alişahbana Türkmenistanyň halkara meýdançasyndaky işjeňligine, şol sanda Awazada geçirilen BMG-niň ýokary derejeli maslahatlaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem, ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretarynyň 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabada amala aşyran saparynyň ikiçäk gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi.
Keywords