Türkmenistanda 2027-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi. Ekiş möwsüminiň resmi başlangyjy 2-nji sentýabrda bellenilip, welaýatlarda bu möhüm oba hojalyk işine badalga bermek dabaralary geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren ak patasy esasynda ekiş möwsümine girişildi. Ýerlerde işi agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek maksady bilen tejribeli daýhanlaryň, degişli hünärmenleriň, alymlaryň hem-de mehanizatorlaryň gatnaşmagynda okuw maslahatlary guraldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda 2027-nji ýylda bol bugdaý hasylyny öndürmek hakynda» Kararyna laýyklykda, täze hasyl üçin ýurduň ähli welaýatlarynda 690 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekmek meýilleşdirilýär.

Geljek ýyl ýurtda jemi 1,4 million tonna bugdaý öndürmek göz öňünde tutulýar. Şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Balkan welaýatynda 80 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna we Mary welaýatynda 345 müň tonna bugdaý ýygnamak meýilleşdirilýär.

Ekişde ýokary hasylly sortlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Gallaçylyk ylmy-barlag institutynda döredilen «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» sortlaryndan hem peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda bugdaý ekişiniň ýokary derejede geçirilmegi geljek ýylyň hasyly üçin berk binýadyň döredilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýerlerde ekiş işlerini agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmek boýunça degişli çäreler dowam etdirilýär.