
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen halkynyň milli genji-hazynasy, göz guwanjy we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça taryhy işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine hemmetaraplaýyn we gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýörite Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, dünýä derejesindäki halkara atly sport oýunlaryny we gözellik bäsleşiklerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Bu ädim asylly maksatlaryň myradyna deňelýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga we atçylyk sportuny täze sepgitlere ýetirmäge ýardam eder.
Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, nobatdaky zähmet rugsadyna çykandygy barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Keywords