
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adam hukuklaryny, şol sanda gender deňligini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler yzygiderli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti möhüm resminama gol çekip, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tassyklady.
Bu resminama ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen nobatdaky ädim bolup durýar. Meýilnamanyň esasy maksady jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda zenanlaryň we erkekleriň deň derejede işjeň gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmekden hem-de halkara hukuk kadalaryna laýyklykda öz üstümize alan borçnamalarymyzy ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
Tassyklanan resminamada gender deňligini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň täze gurallary we mümkinçilikleri öz beýanyny tapýar. Bu meýilnama gender deňligini üpjün etmek ulgamynda döwlet syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we aýallaryň jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmäge uly itergi berer.
Döwlet Baştutanynyň gol çeken kararyna laýyklykda, degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleri bellenen möhletlerde we ýokary derejede ýerine ýetirmek tabşyryldy.
Bu başlangyç Türkmenistanyň öz halkara borçnamalaryna ygrarlydygynyň we ýurdumyzda adamyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň mundan beýläk-de goragly bolmagyny üpjün etmegiň döwlet derejesindäki ileri tutulýan ugurlaryň biridigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Keywords