Türkmenistanda ilkinji ýerasty gaz saklaýyş desgasyny gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek üçin halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry alnyp barylýar. Taslamanyň ýerine ýetirijisini saýlamak işine Awstriýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary gatnaşýar. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda dalaşgär kompaniýalaryň hödürlän tekliplerine garalýar. Ýakyn wagtda desganyň deslapky inženerçilik taslamasyny (FEED — Front End Engineering Design) taýýarlajak kompaniýa kesgitlener. Bäsleşige jemi ýedi kompaniýa gatnaşýar.
Bu barada Maksat Babaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatynyň netijeleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda mälim etdi.
Taslamanyň çäklerinde 5 milliard kub metr tebigy gazy saklamaga ukyply ýerasty desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle desganyň işe girizilmegi tebigy gaza bolan möwsümleýin islegiň üýtgemelerini sazlamaga, zerur döwürlerde gaz üpjünçiliginiň durnuklylygyny saklamaga ýardam eder.
Mundan başga-da, ýerasty gaz saklaýyş desgasynyň döredilmegi Türkmenistanyň gaz eksport ugurlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýe bolar. Taslama ýurduň gaz pudagynyň infrastrukturasyny ösdürmäge we tebigy gaz serişdelerinden netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.