Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 28-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz pagta ýygymy möwsümine 9-njy sentýabrda başlamak boýunça tabşyryklary berdi. Düýn döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ekerançylary pagta ýygymyna bilelikde girişdiler.

AHALDA

Ahal ýaýlasynyň gowaça ýetişdirilen 135 müň gektar meýdanyndan «ak altynyň» 280 müň tonna hasylyny alyp, Watan harmanyna goşmagy maksat edinýän oba zähmetkeşleri möwsüme taýýarlykly geldiler. «Ahalpagta» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň 8-si, kabul ediş harmanhanalarynyň 19-sy doly taýýarlyk hatarynda goýuldy. Awtoulaglaryň 1 müň 100-e golaýy hasyly daşamaga gatnaşar. «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 217-si möwsümiň dowamynda pagtaçylaryň ygtyýarynda bolar.

BALKANDA

Jogapkärli möwsümde Balkan topragynda pagta ýygyjy kombaýnlaryň 18-si, ýygnalan hasyly daşamak üçin awtoulaglaryň 90-dan gowragy bökdençsiz işlediler. Munuň özi welaýatda 13 müň gektarda ýetişdirilen gowaçadan 16 müň tonna «ak altyn» hasylyny almak ugrundaky meýilnamanyň abraý bilen berjaý edilmegine uly mümkinçilik döredýär.

DAŞOGUZDA

Sebit boýunça 140 müň gektar meýdanda pagtanyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýere gaçan ýyldyzlary ýatladýan pagtaly atyzlar 275 müň tonnalyk sepgide hökman ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Bu işde pagta ýygyjy kombaýnlaryň 200-den gowragynyň güýjünden peýdalanylýar. Munuň üçin 50 müň gektar meýdanda gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri geçirildi. Ýerli pagta arassalaýjy kärhanalaryň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündizleýin tertipde bökdençsiz kabul ediler.

LEBAPDA

Şu ýyl Lebap topragynda 130 müň gektar meýdandan 320 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Möwsümiň depginli alnyp barylmagy üçin «John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 218-si işe çekiler. Ýygnalan hasyl welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-sinde hem-de harmanhanalaryň 38-sinde kabul ediler. Olarda hasyly bökdençsiz kabul etmek, onuň hil görkezijilerini kesgitlemek we degişli tertipde ýerleşdirmek boýunça zerur şertler döredildi.

MARYDA

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda welaýatyň pagtaçy daýhanlary 162 müň gektar meýdana gowaçanyň ýerli toprak hem howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», inçe süýümli «Ýolöten — 14» sortlaryny ekip, bol hasyl ýetişdirdiler. Olar 359 müň tonna «ak altyn» hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Munuň üçin pagta ýygyjy kombaýnlaryň 224-si bökdençsiz işlediler.