Türkmenistanda soňky 45 ýylyň dowamynda ortaça howa temperaturasynyň 1,6 dereje ýokarlanandygy bellenilýär. Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hem howanyň ýylamagy hasaba alnypdyr. Hususan-da, bu görkeziji Gyrgyzystanda 1 derejä, Gazagystan bilen Özbegistanda 1,4 derejä, Täjigistanda bolsa 0,7 derejä deňdir.
Bu maglumatlar «Merkezi Aziýada serhetüsti häsiýete eýe bolan sil suwlary we joşgunlar barada analitik syn» atly resminamada getirilýär.
Howanyň üýtgemegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde birnäçe çynlakaý meseleleri goýýar. Esasan-da, klimatdaky üýtgeşmeleriň suw bilen bagly tebigy hadysalara edýän täsiriniň güýçlenmegi sebit üçin möhüm töwekgelçilikleriň biri hökmünde görkezilýär.
Sebitde buzluklaryň göwrümi häzirki wagtda ýylda takmynan 0,2–1 göterim aralygynda azalýar. Buzluklaryň eremegi netijesinde buzluk kölleriniň sany we göwrümi artýar. Şeýle kölleriň böwsülmegi bolsa daglyk ýerlerde sil suwlarynyň emele gelmek howpuny ýokarlandyrýar.
Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, daglyk zolaklarda ýaşaýan ilatyň howpsuzlygyna, ýaşaýyş jaýlaryna we gündelik durmuşyna täsir edip biler. Şeýle hem derýa jülgelerinde we aşaky sebitlerde ýerleşýän ulag, energetika we beýleki infrastruktura desgalary üçin dürli töwekgelçilikleri döredýär.
Analitik syn Merkezi Aziýadaky 13 iri serhetüsti derýa basseýnini öz içine alýar. Olar umumy töwekgelçiliklere sezewar bolýan ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara görä toparlara bölünipdir.
Şolaryň hatarynda Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň arasynda ýerleşýän Çu we Talas, Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda ýerleşýän Şahimardan, Garaderýa, Naryn we Isfaýramsaý, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky Isfara, Gazagystan bilen Özbegistanyň arasyndaky Ugam, Täjigistan bilen Özbegistanyň arasyndaky Zerawşan, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ýerleşýän Amyderýa hem-de dört döwletiň çägini öz içine alýan Syrderýa basseýni bar.
Resminamada her bir derýa basseýni boýunça suw akymlarynyň aýratynlyklary, ozal bolup geçen sil we joşgun hadysalary, töwekgelçilikli zolaklar, ýetirilen zyýanlar hem-de degişli ýurtlaryň arasynda hereket edýän hyzmatdaşlyk mehanizmleri barada maglumatlar berilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.