Aşgabatda Türkmenistanyň biodürlüligi goramak boýunça Milli strategiýasyny we hereketleriň meýilnamasyny täzelemäge bagyşlanan iki günlük milli seminar geçirilýär. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Daşary işler ministrliginiň hyzmatdaşlygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy Ekologiýa Gaznasynyň (GEF) taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mfa.gov.tm saýtynyň habar bermegine görä, seminarda 2026–2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi goramak boýunça Milli strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Duşuşyga degişli döwlet edaralarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, işewür toparlaryň we ekologik jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Gatnaşyjylar tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak bilen ykdysady ösüşiň arasynda sazlaşygy üpjün etmegiň ýollaryna aýratyn üns berýärler.

Seminaryň dowamynda Türkmenistanyň Biodürlülik hakyndaky BMG-niň Konwensiýasy boýunça taýýarlanýan Ýedinji milli hasabatynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle-de biologik howpsuzlyk we genetiki serişdelerden peýdalanmak bilen baglanyşykly Karfagen hem-de Nagoya teswirnamalary boýunça degişli hasabatlaryň taýýarlygy gözden geçirilýär.

Täzelenýän milli strategiýanyň ýurtda ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak boýunça çäreleriň geljekki ýyllarda has netijeli alnyp barylmagyna esas bolmagyna garaşylýar.