Türkmenistanyň dürli sebitlerinden ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözgüdine goşant goşmak we durnukly ösüşiň ýörelgelerini öňe sürmek boýunça okuw-tejribe çärelerine işjeň gatnaşýarlar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda ýaşlar üçin howanyň üýtgemegi boýunça ikinji tomusky mekdebi geçirip, onuň netijelerini jemledi. Bu çäre 2026-njy ýyl üçin düzülen bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.
Tomusky mekdebe Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaşlaryň 33-si gatnaşdy. Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş bilen bagly bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, dürli amaly başarnyklary hem özleşdirdiler.
Maksatnamanyň çäklerinde ýaşlar ýörite okuw sapaklaryna gatnaşyp, toparlaýyn meseleleri çözmek boýunça işler geçirdiler. Şeýle hem olar tebigy baýlyklary goramak we ekologiýa taýdan jogapkärçilikli önümçiligiň ähmiýeti bilen tanyşmak maksady bilen Köpetdag döwlet tebigy goraghanasyna we «Tudana» hususy kärhanasyna gezelenç etdiler.
Tomusky mekdebiň esasy netijeleriniň biri ýaşlaryň Türkmenistanyň adyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek 31-nji maslahatyna (COP31) hödürlemek üçin Ýaşlaryň Milli beýannamasynyň taslamasyny taýýarlamagy boldy. Taýýarlanan resminamanyň geljekde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň resmi ýaşlar saýlaw toparyna hödürlenmegine garaşylýar.
Bu başlangyç 2025-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen ýaşlar tomusky mekdebiniň dowamy bolup durýar. Öňki okuw maksatnamasynyň uçurymlary hem halkara derejede geçirilen ekologiýa çärelerine gatnaşyp, 2026-njy ýylyň aprelinde Gazagystanda geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň wekilleri hökmünde çykyş etdiler.
Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar tomusky mekdebi ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hyzmatdaşlygynda 2025-nji ýylda ýola goýuldy. Maksatnama 16–25 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, olaryň howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde başlangyç görkezmegine we durnukly ösüşe gönükdirilen taslamalara gatnaşmagyna mümkinçilik berýär.
Bu ýaly okuw başlangyçlarynyň ýaşlaryň ekologiýa meselelerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça halkara işlere gatnaşmagyny giňeltmek möhüm ähmiýeti bar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.