Soňky ylmy gözlegleriň netijelerine görä, Ýer şarynyň ortaça temperaturasynyň ýokarlanma tizligi soňky ýyllarda ep-esli artdy. Klimatologlaryň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda planetanyň üstki temperaturasy her on ýylda takmynan 0,35 gradus Selsiý ýokarlanýar. Bu görkeziji 1970–2015-nji ýyllardaky döwür bilen deňeşdirilende, ýagny şol wagtky 0,2 gradus töweregi ýokarlanma tizliginden iki esse diýen ýaly ýokarydyr.

Bu netijä Potsdam klimat üýtgemelerini öwreniş institutynyň (Germaniýa) alymlary birnäçe garaşsyz halkara meteorologiýa maglumat bazalarynyň görkezijilerini deňeşdirip geldiler. Gözlegiň esasy maksady hakyky uzak möhletli klimat tendensiýasyny adaty tebigy howa üýtgemelerinden tapawutlandyrmakdan ybarat boldy.

Alymlar howanyň üýtgemegindäki wagtlaýyn täsirleri hem hasaba aldylar. Sebäbi El-Ninýo hadysasy, wulkan atylmalary we Gün işjeňligindäki üýtgeşmeler gysga möhletde temperaturanyň ýokarlanmagyna ýa-da peselmegine täsir edip biler. Şonuň üçin barlag geçirilende şeýle faktorlaryň täsirleri maglumatlardan aýryldy.

Gözlegçiler soňky onýyllyklaryň maglumatlaryny, şol sanda NASA, ABŞ-nyň Milli okean we atmosfera dolandyryş gullugy (NOAA) hem-de Ýewropanyň ERA5 klimat maglumat ulgamynyň arhiwlerini seljerdiler.

Hasaplamalaryň netijesinde Ýer şarynyň gyzmagynyň tizlenmeginiň hakykydygyna bolan ylmy ynam derejesi 98 göterimden ýokary boldy. Alymlaryň bellemegine görä, bu diňe bir ölçeg ýalňyşlygy ýa-da wagtlaýyn hadysa däl-de, eýsem hakyky fiziki üýtgeşmedir.

Gözlegleriň netijesine görä, klimat ulgamynda möhüm öwrülişik döwri takmynan 2013–2015-nji ýyllarda bolup geçdi. Şeýle-de 2023-nji we 2024-nji ýyllar gözegçilikleriň başlan döwründen bäri iň yssy ýyllaryň hataryna girdi.

Alymlar temperaturanyň ýokarlanma tizligini kesgitlemek üçin dürli statistik usullary ulandylar. Olaryň ikisi hem soňky ýyllarda temperaturanyň ýokarlanma grafiginde düýpli üýtgeşmäniň bolandygyny tassyklady.

Hünärmenleriň bellemegine görä, gözlegiň maksady klimat üýtgemeleriniň sebäplerini däl-de, olaryň tizligini ölçemek bolup durýar. Şeýle-de bolsa, alymlar häzirki ýagdaýyň atmosferada we ummanlarda parnik gazlarynyň, ilkinji nobatda bolsa kömürturşy gazynyň (CO₂) köpelmegine baglylykda döredilen klimat modelleri bilen gabat gelýändigini nygtaýarlar.

Ylmy jemgyýetçiligiň duýdurmagyna görä, eger häzirki gyzma tizligi dowam etse, Pariž klimat ylalaşygynda görkezilen howply çäkleriň biri bolan 1,5 gradus Selsiý derejesi 2030-njy ýyla çenli geçilip bilner.

Hünärmenleriň pikirine görä, Ýer şarynyň geljekdäki gyzma tizligi esasan adamzadyň kömür, nebit we gaz ýaly ýangyç serişdelerini ulanmakdan emele gelýän zyňyndylary näderejede çalt azaldyp biljekdigine bagly bolar. Alymlaryň häzirki düşünjelerine görä, hatda kömürturşy gazynyň zyňyndylary doly togtadylsa-da, 1,5–2 gradus çäklerden soň klimat ulgamyndaky üýtgeşmeler ýene-de azyndan 100 ýyllap dowam edip biler.

Şol bir wagtyň özünde, käbir alymlar klimat üýtgemelerine diňe bir howp hökmünde garamaýarlar. Olaryň käbirleri atmosferadaky kömürturşy gazynyň köpelmeginiň ösümlikleriň ösüşine täsir edýändigini we dünýäniň käbir sebitlerinde ýaşyl örtügiň giňelmegine ýardam berendigini belleýärler. Şeýle-de häzirki oba hojalyk önümçiliginiň belli bir böleginiň CO₂-niň ösümliklere edýän täsirinden peýda görýändigi barada pikirler hem bar.

Şeýle-de bolsa, dünýäniň köp sanly klimat hünärmenleri üçin esasy mesele — temperaturanyň ýokarlanma tizligini azaltmak we howanyň uzak möhletli durnuklylygyny üpjün etmek bolup galýar.