«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan baýramçylyk we ekologik çäre geçirildi. Çäre Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak, ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak hem-de tebigata jogapkärli çemeleşmegi wagyz etmek maksady bilen guraldy.
Başlangyç BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «Hazarda deňiz zibiline we deňiz plastmassalaryna garşy göreş – ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebit taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Taslama Russiýa Federasiýasynyň maliýe goldawy bilen amala aşyrylýar.
Çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Bilim ministrliginiň goldawy bilen guraldy. Mowzuklaýyn okuw sessiýalaryna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Goranmak ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.
Ekologiýa bagyşlanan çärä «Daýanç» sagaldyş merkezinde we «Arzuw» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar gatnaşdy. Çäräniň dowamynda ýaşlara Hazar deňziniň tebigy baýlyklary, onuň ekoulgamynyň aýratynlyklary we deňiz gurşawyny goramagyň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi.
BMGÖM-niň hünärmenleri, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň, ýagny Tähran konwensiýasynyň sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri Hazaryň biologik köpdürlüligi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem plastik galyndylaryň we mikroplastigiň deňiz ekoulgamyna ýetirýän täsiri, onuň öňüni almak üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurlygy düşündirildi.
Amaly okuwlaryň dowamynda çagalara suwda we kenarýaka zolaklarynda howpsuzlyk düzgünleri, tomus möwsüminde ýangyn howpsuzlygy hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegi bermegiň esasy usullary öwredildi.
Çäräniň «Hazaryň goragçylary» atly interaktiw kwesti ýaşlaryň aýratyn gyzyklanmasyny döretdi. Gatnaşyjylar suwda howpsuzlyk, biologik köpdürlüligi goramak we daşky gurşawy aýawly saklamak bilen baglanyşykly dürli tabşyryklary ýerine ýetirdiler.
Ekologik döredijilik ussahanasynda çagalar tebigaty goramagyň ähmiýetini beýan edýän suratlary çekdiler. Şeýle hem olar kenarýaka zolaklaryny arassalamak boýunça ekologik meýletinçilik çärelerinde ulanylýan usullar we hapalanmalara gözegçilik etmegiň amaly gurallary bilen tanyşdylar.
BMGÖM-niň hünärmeni Jemal Durdykowanyň bellemegine görä, şeýle çäreler ýaşlaryň deňiz zibili we plastik hapalanmagy baradaky düşünjelerini giňeltmäge, ekologik taýdan jogapkärli özüni alyp barşy höweslendirmäge hem-de Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny geljek nesiller üçin gorap saklamaga gönükdirilendir.
Awazada geçirilen çäre Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyna jemgyýetçiligiň, aýratyn-da ýaşlaryň ünsüni çekmek bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini hem görkezdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.