9–15-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda howanyň ýagdaýynyň üýtgemegine garaşylýar. Hepdäniň ilkinji günlerinde käbir welaýatlarda ýagyş ýagyp, howanyň temperaturasy ep-esli peseler. Hepdäniň dowamynda gijelerine Daşoguz welaýatynda howanyň -4 gradusa çenli sowamagy mümkin.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, Aşgabat şäherinde hepdäniň ilkinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Ýeliň tizligi sekuntda 10–13 metrden 15–17 metre çenli ýetip biler. Howanyň temperaturasy gijelerine +3…+5 gradusdan +10…+12 gradusa çenli, gündizlerine bolsa +9…+11 gradusdan +15…+17 gradusa çenli bolar.

Balkan welaýatynda hepdäniň ilkinji günlerinde we ahyrynda ýagyş ýagmagy mümkin. Ýeliň ugry demirgazyk-gündogardan gündogara üýtgäp, tizligi sekuntda 9–14 metrden 13–18 metre çenli güýçlener. Gijelerine howanyň temperaturasy +3…+8 gradusdan +7…+12 gradusa çenli, gündizlerine +11…+16 gradus, kenarýaka ýerlerde bolsa +9…+14 gradus aralygynda bolar.

Ahal welaýatynda hem hepdäniň ilkinji ýarymynda ýagyşly howa garaşylýar. Ýeliň tizligi sekuntda 8–13 metrden 13–18 metre çenli ýetip biler. Gijelerine howanyň temperaturasy 0…+5 gradusdan +9…+14 gradusa çenli, gündizlerine bolsa +8…+13 gradusdan +20…+25 gradusa çenli ýokarlanar.

Mary welaýatynda hepdäniň başynda ýagyş ýagmagy mümkin. Ýeliň tizligi sekuntda 8–13 metrden 13–18 metre çenli güýçlener. Gijelerine howanyň temperaturasy -1…+4 gradusdan +12…+17 gradusa çenli, gündizlerine +9…+14 gradusdan +22…+27 gradusa çenli bolar.

Lebap welaýatynda hem hepdäniň ilkinji günlerinde ýagyşly howa çaklanylýar. Ýeliň tizligi sekuntda 9–14 metrden 13–18 metre çenli ýeter. Gijelerine howanyň temperaturasy -2…+3 gradusdan +12…+17 gradusa çenli, gündizlerine bolsa +8…+13 gradusdan +21…+26 gradusa çenli üýtgär.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň dowamynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ilkinji ýarymynda ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Ýeliň tizligi sekuntda 8–13 metrden 12–17 metre çenli güýçlener. Gijelerine howanyň temperaturasy -4…+1 gradus, gündizlerine bolsa +4…+9 gradusdan +9…+14 gradusa çenli bolar.

Umuman, 9–15-nji noýabr aralygynda ýurduň welaýatlarynda howanyň temperaturasy dürli derejede üýtgär. Esasan hem, gijelerine demirgazyk sebitlerde sowuk howanyň bolmagyna garaşylýar.