Türkmenistanyň sanly tehnologiýalary ösdürmek we emeli aňy (AI) dürli pudaklara ornaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda türkmen hünärmenleri we döredijilik toparlary Gazagystanda geçiriljek ilkinji halkara AI film festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Astana AI Film Festival (AAIFF 2026) dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, döredijilik toparlaryny we garaşsyz awtorlary bir ýere jemlär. Festiwal emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen döredilen filmleri dünýä jemgyýetçiligine hödürlemek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Bäsleşigiň esasy mowzugy «Ýaşamaga mynasyp geljek» diýlip yglan edildi. Gatnaşyjylar emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, geljek baradaky garaýyşlaryny 10 minuta çenli dowam edýän gysga metražly film arkaly beýan etmeli.

Açyk bäsleşik bölümi aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:

  • iň gowy režissýorlyk;

  • iň gowy wizual çözgüt;

  • iň täsirli hekaýa;

  • iň gyzykly konsepsiýa;

  • keşpleriň iň gowy işlenişi.

Bäsleşige hödürlenýän filmler Full AI tehnologiýasy bilen döredilen bolmaly. Baýrak gaznasynyň umumy möçberi 1 million ABŞ dollaryna barabardyr.

Guramaçylar awtorlyk hukuklarynyň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet beriljekdigini belleýärler. Hödürlenen işler halkara bilermenler, režissýorlar, prodýuserler we döredijilik tehnologiýalary pudagynyň wekilleri tarapyndan seljeriler. Deslapky saýlama tapgyrynda emeli aň esasly eminler ulgamynyň ulanylmagy hem göz öňünde tutulýar.

Netijede iň gowy 25 film saýlanyp alnar. Olaryň 10-sy esasy bäsleşikde, 15-si bolsa açyk kategoriýada bäsleşer.

Festiwala gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy we filmleriň görkezilişleri 28-nji sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Astanada geçiriljek Astana AI Week hepdeliginiň dowamynda geçiriler.

Türkmenistanly hünärmenleriň bu halkara festiwala gatnaşmagy milli sanly kontenti dünýä derejesinde tanatmaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga we emeli aň ulgamyndaky öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge ýardam eder. Şeýle hem bu halkara çäre Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalara açyk we döredijilik mümkinçilikleri ýokary bolan ýurt hökmünde abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşant goşar.