
Italiýanyň sungat şäheri hasaplanýan Florensiýadan hoş habar geldi. Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Biz — dünýä» atly halkara surat bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň 6-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýlar Aksakowa ýokary netije görkezip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterdi.
Dünýäniň dürli künjeklerinden iň zehinli ýaş suratkeşleriň gatnaşmagynda geçen bu bäsleşik, ýaş zehinleriň özara tejribe alyşmagy we sungat arkaly dünýä çykmagy üçin giň mümkinçilikleri açdy.
Aýlar Aksakowa 5-9 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylaryň arasynda «Master of movement» (Hereket ussady) ugry boýunça ýeňiji boldy. Onuň çeken suratynda dinamikany, janlylygy we hereketi özboluşly çeperçilik bilen şöhlelendirmegi emin agzalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.
Bu gazanylan üstünlik, ýurdumyzda ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny açmak, olaryň halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň ýene bir subutnamasydyr. Türkmen gyzynyň halkara sahnasyndaky bu ýeňşi, çagalaryň sungat arkaly dünýäni birleşdirmekdäki goşandynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Keywords