Azerbaýjanda geçirilýän “GabalaFest” halkara festiwalynyň çäklerinde ilkinji gezek guralan «Medeniýetleriň çatrygy» atly halkara sungat sergisi dürli ýurtlardan gelen meşhur suratkeşleri we heýkeltaraşlary bir ýere jemledi.

“AZERTAJ” agentliginiň habar bermegine görä, sergä Azerbaýjan, Türkmenistan, Hytaý, Germaniýa, Wengriýa, Gazagystan, Koreýa Respublikasy, Russiýa, Türkiýe, Birleşen Patyşalyk, Özbegistan we beýleki ýurtlardan 30-dan gowrak sungat ussady gatnaşdy.

Taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat eserleriniň üsti bilen dürli medeniýetleriň, däp-dessurlaryň hem-de nesilleriň arasynda döredijilik dialogyny ösdürmegi maksat edinýär. Ekspozisiýada gatnaşyjy ýurtlaryň meşhur ussatlarynyň çeperçilik däplerini we häzirki zaman sungatyna bolan garaýyşlaryny beýan edýän eserler görkezilýär.

Sergä dünýä belli döredijileriň hatarynda Türkmenistanyň wekili, suratkeş Gahryman Goçmyradow hem gatnaşýar. Onuň hödürlän eserleri milli medeni mirasy häzirki zaman şekillendiriş sungaty bilen sazlaşykly utgaşdyrýan çeper çözgütleri bilen myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.

«Medeniýetleriň çatrygy» atly halkara sergisi dürli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň döredijilik tejribelerini paýlaşmagyna, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyna hem-de halkara çeper dialogyň ösdürilmegine goşant goşýan möhüm medeni çäreleriň biri hökmünde çykyş edýär.