Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge aýratyn ähmiýet berildi.
Mejlisde Türkmenistanyň Hökümetine wekilçilik edip çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzyň GDA döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň okgunly ösüşe eýe bolup durýandygyny aýratyn belledi.
Maliýe-ykdysady görkezijiler barada durup geçilende, Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen umumy haryt dolanyşygynyň 4 milliard ABŞ dollaryndan geçendigi mälim edildi. Şol bir wagtda, 2026-njy ýylyň ilkinji aýlarynyň netijelerine görä özara söwdanyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 göterimden gowrak ösüş görkezip, 1 milliard ABŞ dollaryndan hem geçdi.
Mejlisde edilen çykyşyň dowamynda GDA-nyň hyzmatdaşlygy berkitmek we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin örän möhüm sebit meýdançasy bolup galýandygy bellenildi. Häzirki şertlerde, ählumumy wezipeleriň we tehnologik üýtgeşmeleriň giňişliginde, Arkalaşygyň ýurtlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki anyk ädimleri işjeňleşdirmeginiň zerurdygy nygtaldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi astynda geçýän çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Soňky ýyllarda Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady we sanly ulgamlarda özara gatnaşyklarda örän uly we baý tejribäniň toplanylandygy bellenilip geçildi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.