«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasy şu ýylyň ilkinji on aýynda önümçilikde ýokary netijeleri gazandy. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän bu kärhananyň önümçilik meýdançasy duz gorlarynyň baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Hasabat döwründe kärhanada 81 müň 596 tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy. Şol sanda däneli duz öndürmek boýunça meýilnamada göz öňünde tutulan 70 müň 480 tonnanyň ýerine 72 müň 530 tonna önüm öndürildi. Şeýlelikde, bu ugurdaky meýilnama 102,9 göterim ýerine ýetirildi.
Nahar duzuny gaplamak we taýýar önüm görnüşinde öndürmek boýunça hem oňyn netijeler gazanyldy. Ýylyň başyndan bäri 20 müň 387 tonnadan gowrak nahar duzy öndürilip, meýilnama 101,7 göterim berjaý edildi.
Kärhananyň ykdysady we maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.