
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Washington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýewiň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurmak dabarasy boldy.
Resmi çäräniň dowamynda ilçi ABŞ-nyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Donald Tramp öz gezeginde bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylaryna özüniň dostlukly salamyny we iň gowy dileglerini ýollady.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan we 34 ýyldan gowrak dowam edip gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ähmiýetini aýratyn bellediler. Şeýle-de, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika hem-de medeni-gumanitar ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze sepgitlere çykarmaga iki tarapyň hem çuňňur gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Keywords