
Türkiýäniň Antalýa şäherinde kontaktly jiu-jitsu boýunça geçirilen dünýä çempionaty tamamlandy. Halkara jiu-jitsu federasiýasynyň (JJIF) guramagynda guralan bu abraýly ýaryşa dünýäniň 16 döwletinden 245 sany güýçli türgen gatnaşdy. Çempionatda uly üstünlik görkezen Türkmenistanyň milli ýygyndysy umumylykda 42 medal gazanmagy başardy.
Milli türgenlerimiziň ýokary ussatlyk görkezen tutluşyklarynyň netijesinde, ýygyndy toparymyz 14 altyn, 11 kümüş we 17 bürünç medala mynasyp bolup, umumy topar hasabynda dünýä boýunça birinji orny eýeledi.
Ýaryşyň medal sanawynda ikinji setiri 14 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal bilen Wýetnamyň ýygyndysy eýelän bolsa, ilkinji üçlügi 10 altyn, 13 kümüş we 16 bürünç baýrak bilen Gazagystanyň topary jemledi.
Halkara ýaryşda türkmen türgenleriniň birbada birnäçe ugurlar we dürli ýaş kategoriýalary boýunça şowly çykyş edip, özleriniň hemmetaraplaýyn taýýarlygyny hem-de ýokary fiziki ukybyny görkezendiklerini aýratyn bellemek gerek.
Halkara sport meýdançasyndaky bu ajaýyp ýeňiş ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, şeýle-hem Watanymyzyň dünýädäki sport abraýyny belent wezipelere götermek ugrunda alnyp barylýan uly işleriň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Maglumat üçin aýtsak, jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatlary 1994-nji ýyldan bäri iki ýylda bir gezek geçirilip, ol dürli ugurlar boýunça birnäçe tapgyrdan ybarat bolýar. Ýaryşyň maksatnamasyna "kontaktly jiu-jitsu" ugry bolsa 2017-nji ýylda girizildi.
Keywords